15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

“Mary-Türki Dünýäsiniň Medeni Paýtagty” Ýylynyň Netijeleri Jemlendi

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Mary bu hormatly derejäni Kazan şäherinden (RF-nyň Tatarystan Respublikasy) kabul etdi. 27-nji ýanwarda Ruhyýet köşgünde “Mary–2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly Ýylyň açylyş dabarasy boldy we şähere berlen hormatly derejä laýyklykda meýilleşdirilen çärelere badalga berildi. Şu gün Mary şäheri geçirilen giň gerimli işleriň netijelerini jemleýär.

“Türki dünýäniň medeni paýtagty” taslamasy türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açmaga, olaryň mirasyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Ol türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde her ýyl döredijilik serişdeleriniň bir ýere jemlenmegini, onuň esasynda medeni we ynsanperwer çäreleriň baý we köpdürli öwüşgininiň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şol çäreler bolsa taryhy döwürlerden gözbaş alýan hem-de  türki dilli döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasynda dowam edýän ruhy gatnaşyklara esaslanandyr.

Mary şäheriniň türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde saýlanyp alynmagy möhüm ýagdaýlaryň birnäçesi bilen şertlendirilendir. Mälim bolşy ýaly, Mary ýaýlasy—dünýä sungatyň, gurluşygyň, onlarça senetleriň beýik nusgalaryny pesgeş beren siwilizasiýanyň gadymy ojagydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Merw özboluşly medeniýetleriň merkezi hökmünde kemala geldi. Bu gadymy toprakda iri kerwensaraýlar, bazarlar, köp adamly çaýhanalar, metjitler we öz döwründe jemgyýetiň garaýşyny we düşünjesini kemala getirmäge uly täsirini ýetiren  medreseler ýerleşipdir.Orta asyrlarda Merw öz baý kitaphanalary bilen tanalyp, olar ylmyň täsirli merkezleri bolupdyr we adamzadyň ylym biliminiň genji-hazynasyna mynasyp goşandyny goşupdyr.

Häzirki Mary şäheri Merwde köp wagt gaýnap joşan gadymy siwilizasiýalaryň taryhy mirasynyň doly derejeli eýesidir. Asyrlar geçse-de türkmen halkynyň beýik medeni mirasy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň täze nesilleri tarapyndan aýawly saklanýar. 

Türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň hormatly derejesi  şähere öz taryhy-medeni baýlygyny  açyp görkezmäge, Türkmenistanyň gözelliklerini halkara derejesinde tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri berdi.

Geçen ýyl bu ýerde tanymal alymlaryň, taryhçylaryň, aheologlaryň, muzeý işgärleriniň, şahyrlaryň we ýazyjylaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli  halkara çäreleri geçirildi. 

Şähere hormatly derejäniň berilmegine bagyşlanan dabaradan soň Ruhyýet köşgünde baýramçylyk konserti bolup, onda türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler. Soňra Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Şekillendiriş, bezeg-amaly we foto sungat eserleriniň halkara sergisi geçirildi.

Ýylyň çäreleriniň hatarynda  maý aýynda guralan “Gadymy Merw-türki dünýäniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat bolup, ol türki dilli ýurtlaryň edebiýatçylaryny, medeniýetini, sungatyny öwrenijileri, taryhçylary, binagärleri we arheologlary birleşdirdi hem-de Türkmenistanyň taryh ylmyny ösdürmekde hem-de halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Şol bir wagtda bu ýerde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti guralyp, onuň maksatnamasyna türk şahyry Ýunus Emräniň eserlerine döredilen aýdym-sazlar girdi.  

Ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegine Mary we Türkmenabat şäherinde iýunda geçirilen türki dünýäsiniň sungat ussatlarynyň—opera artistleriniň konsertleri gabatlandy.

Türki dilli ýurtlaryň medeniýet işgärleri, redaksion birleşikleriň žurnalistleri we işgärleri bolsa sentýabr aýynda “tegelek stoluň” başynda duşuşdylar. Ol “Kitap-hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol” atly X Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Oktýabr aýynda Mary şäherinde Türki dilli döwletleriň  medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň sahna ussatlarynyň
IV maslahatynyň barşynda türki halklaryň teatr sungatynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri we geljegi, milli dilleri we medeniýetleri goramakda, taryhy-medeni mirasy täze nesillere ýetirmekde eýeleýän orny   ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem doganlyk halklaryň teatr sungatynyň köp dürli öwüşgini bilen tanyşdyryldy. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Sabir Amutbaýew adyndaky Menzeli Tatar döwlet drama teatrynyň,  Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň döwlet teatrynyň, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Nurmuhan Janturin adyndaky sazly-drama teatrynyň  hem-de teatr sungaty maslahatynyň sahna eýeleriniň–Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň spektakllary gökezildi. 

Türkmen paýtagtynda noýabr aýynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde “Türki halklaryň medeni mirasy” diýen mowzuk bilen döredijilik duşuşygy guraldy.

Maryda ýylyň jemleýji “Mary-türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly çäresi, şol sanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti uly üstünlik bilen geçdi. Bu konsert parahatçylyk dörediji türkmen halkynyň myhmansöýerligini, milli medeniýetiň iň gowy däpleriniň dowam edilýändigini alamatlandyrýan täsin bina bolan “Türkmeniň ak öýünde” geçirildi.  

Şu gün Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Ýylyň ýapylyş dabarasynyň barşynda şular hem-de beýleki döredijilik çäreleri barada jikme-jik hasabat berildi. Dabara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň /TÜRKSOÝ/, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýat we şäher häkimlikleriniň, birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar, şeýle hem jemleýji çäreleri geçirmek üçin Mary şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinowyň nygtaýşy ýaly, “Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary” taslamasynyň çäklerinde hormatly nobaty kabul edip, gadymy türkmen şäheri Mary bu hormatly hem-de jogapkärli wezipä abraý bilen hötde geldi. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmäge berýän aýratyn ünsi,  myhmansöýerlik, geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylygy, gumanitar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolan halklaryň arasynda döredijilik alyş-çalyşmalaryna döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hoşallyk bildirdi.

Dabarada çykyş edenler häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşlere beslenen özgertmeleriň oňyn ornuny aýratyn nygtadylar. Şol özgertmeler türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň öwrenilmegine, onuň maddy we ruhy mirasynyň saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine ýardam edýär. 

Teatr sahnasynda Türkmenistanyň Gahrymany şahyr Gözel Şagulyýewanyň özüniň ýerine ýetirmeginde türkmen halkymyzyň berkarar döwletimiziň berkararlyk döwrüni dörediji bolan Arkadaga bagyşlanan şygyr ýaňlandy. Bu ýere ýygnananlaryň ýüreginde uly täsir döreden şahyrana eser şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Çäräni guraýjylara hem-de oňa gatnaşyjylaryň birnäçesine TÜRKSOÝ-yň minnetdarlyk hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň möhletiniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýeti ösdürmek barada ýadawsyz aladasy, ýurtda döredijilik işi bilen hemmetaraplaýyn meşgullanmaga hem-de döwletara gumanitar hyzmatdaşlygyna örän amatly şertleriň döredilendigi, türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde Maryda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylykly bolmagyna ýardam edendigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. 

“Mary-türki dünýäsiniň medeni paýtagty-2015” atly ýylyň jemleýji çäresine gatnaşyjylar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.  Ol çärä gatnaşyjylaryň türkmen paýtagtynyň hem-de Mary şäheriniň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp gözellikleri bilen tanyşlygyny öz içine aldy. Şu gün günüň ikinji ýarymynda myhmanlar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler hem-de onuň täsin ýadygärlikleri bilen tanyşdylar, şeýle hem gadymy türkmen topragynyň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerligine, bu bereketli ülkäniň täsin we gaýtalanmajak tebigatynyň gözelligine ýene-de bir gezek mynasyp baha berdiler.

Şöhratly taryhy hem-da baý medeni mirasy bolan Mary şäherinde onuň hormatly wezipäni—2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty wezipesini ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen çäreler, gürrüňsiz  
suratda, halkara hyzmatdaşlygyna, tejribe alyşmaga hem-de medeniýet işgärleriniň dostluk köprüsini pugtalandyrmaga täze itergi berip, dünýäniň halklarynyň özara düşünişmegine ýardam eder. 

Degişli makalalar

Türkmen milli oýunlary

syrach

Aşgabat-Türkmenabat Awtobany Gurluşygyna Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy